«Daýanç» sagaldyş merkezi barada

«Daýanç» sagaldyş merkezi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň buýurmasy esasynda gurlup, ulanylmaga berlen «Daýanç» sagaldyş merkezi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny dikeltmek hem-de olaryň medeniýetli dynç alşyny guramak barada edýän atalyk aladalarynyň miwesidir.

Mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Saglyk» döwlet maksatnamasynda il-günüň saglygyny goramak we berkitmek, ilatyň saglygyny goramak ugrunda işleýän edaralaryň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, ösdürmek göz öňünde tutulan. Şu maksatnamadan ugur alyp «Daýanç» sagaldyş merkezi hem dynç almaga gelen raýatlar üçin birnäçe saglygy dikeldiş hyzmatlaryny teklip edýär.

«Daýanç» sagaldyş merkezinde Hazar deňziniň ýoda baý bolan melhem suwy hem-de howasy bronhial demgysma, bronhitleri bejermekde ýeke-täk özboluşly melhem bolup durýar. Mundan başga-da nerw we daýanç- -hereket ediş ulgamynyň keselleri, guragyry, ginekologiýa, peşew-jyns organlarynyň keselleri hem bejerilýär. Şeýle-de, gyzgyn palçyk arkaly geçirilýän sagaldyş çäresiniň beden agzalaryna peýdaly täsir edýändigi mälim- dir. Şonuň ýaly bejermegiň täsiri şypaly palçygyň fiziki-himiki häsiýetlerine, onuň ulanylyş düzgünlerine hem-de bejerişi kabul edýän adamyň bedeniniň ýagdaýyna baglydyr.

Bir bejergi tapgyrynyň dowamynda şypaly palçygyň ýapgysyny 9-10 gezek, şypaly suwly wannany hem 9-10 gezek gezekleşdirip ulanylanda, bejeriş netijesi has gowy bolýar. Şeýle derman bejergileri yzygiderli kabul edilende, dyza we bogunlara duz ýygnanmagy, bil süňkleriniň sowuklamagy, guragyry, aýal keselleri, önelgesizlik, nerw keselleri ýaly ençeme dertlere melhem bolýandygyny lukmanlar tassyklaýarlar. şeýle-de bu ýerde suw arkaly, owkalamak arkaly bejergi, bedenterbiýe, fizioterapewtik otaglar näsaglara hyzmat edýär. Laý dermanlyk otly suw wannasy, yşyk bilen bejerişi gezekleşdirme usuly, sagaldyş maşklary, owkalama arkaly bejergi yzygiderli ulanylýar. Hut şeýle bolansoň, bu sagaldyş merkeziniň at-abraýy, şan-şöhraty gün-günden artýar.

Hyzmatlar

Merkeziň çäginde ýerleşýän suw howuzlarynyň daş-töwereginde egin-eşik çalşyrylýan otaglar, suwa düşülýän wannalar ýerleşýär. Lukmanlaryň gözegçiliginde Gün wannasyny kabul etmek, saglygyňy berkitmek, ir säher bilen deňziň kenaryndaky ýodajykdan ýöräp, ýodly-bromly deňziň howasyndan dem almak bolsa, adam ömrüni uzaldýan esasy faktorlaryň biridir.

Image
Image
Image

Sagaldyş binasynyň 2-nji gatynda lukmanlaryň kabul edýän otaglary, melhem otaglary, diş bejerýän otag, ginekologyň otagy, fizioterapiýa we suw bejergisiniň birnäçe görnüşleri, parafinli hem-de palçykly bejergiler, ow- kalama, mehaniki owkalama kreslosy we saglygy dikeldiş hyzmatlarynyň ýene-de birnäçe görnüşleri ýerleşýär. Häzirki wagtda bu ýerde saglygy dikeldiş hyzmatlarynyň 16-dan gowragy amala aşyrylýar, şeýle hem fitnes zalynda dermanlyk otlardan dürli içgiler teklip edilýär. Geljekde ilatyň isleg bildirýän saglyk hyzmatlarynyň sanyny köpeltmeklik göz öňünde tutulýar.